Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça BOMKA 11 maksatnamasynyň sebit utgaşdyryjy toparynyň birinji mejlisi geçirildi.
Maslahata bu ugurdaky halkara hünärmenler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Ýewropa Bileleşiginiň ýardamy bilen guralan duşuşyk edilen işleri seljermäge hem-de sebitde serhetleriň howpsuzlygyny berkitmäge degişli meýilnamalary özara maslahatlaşmaga bagyşlandy.
Çäräniň çäklerinde, serhet wekilleriniň edaralarynyň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we kämil maglumat tehnologiýalaryny hem-de täze çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşyjylar umumy serhetaşa we üstaşyr howplara garşy bilelikde hereket etmek we işewürlik gurşawyny ýokarlandyrmak boýunça ädimleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň netijeleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen, täzelenen iş meýilnamasyna seredildi.