Turkmenportal logo
Düýn 18:03
1351113511
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Daşkent Halkara migrasiýa forumyna gatnaşdy

18-19-njy maý aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagtynda Daşkent Halkara migrasiýa forumy («TIMF-2026») geçirildi. Bu forum sebitde we dünýäde howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýany üpjün etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döretdi. Halkara maslahata birnäçe daşary ýurt döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Forumyň gün tertibi global migrasiýa syýasaty ulgamyndaky möhüm wezipeleri öz içine aldy. Geçirilen söhbetdeşlikleriň dowamynda migrasiýa durnukly ösüş ulgamynda howpsuz hereketlenmegiň şerti hökmünde garalmagyna, şeýle hem zähmet migrasiýasy babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, şol sanda migrantlaryň hukuklaryny goramaga aýratyn üns berildi.
Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde gender syýasatyny amala aşyrmagyň we zenan migrantlaryň durmuş hem-de hukuk hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini giňeltmegiň meseleleri seljerildi. Şunuň bilen birlikde, bilermenler ekologik faktorlaryň we howanyň üýtgemeginiň ilatyň migrasiýasyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Daşkentde geçirilen bu forum halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge we öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge ýardam edip, häzirki zaman global migrasiýa ulgamynyň çäklerinde döwletleriň we halkara guramalaryň tagallalaryny utgaşdyrmagyň ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady.