«Belet» striming platformasynda meşhur komediýa-dramanyň dowamy bolan The Devil Wears Prada 2 («Şeýtan Prada lybasynda 2») filmi peýda boldy. Film Standart abuna ýazylan ulanyjylar üçin tomaşa etmäge elýeterlidir.
Film giň ekranlara 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda çykdy. Režissýor hökmünde Dewid Frenkel çykyş etdi, ssenariýni bolsa 2006-njy ýylda çykan asyl filmiň awtory Elin Broş Makkenna ýazdy.
Filmiň dowamynda esasy keşpleri ýerine ýetiren aktýorlaryň hemmesi gaýtadan gatnaşdy: Meril Strip, Enn Hetuweý, Emili Blant we Stenli Tuççi. Wakalar asyl filmdäki hadysalardan tas ýigrimi ýyl soň bolup geçýär. «Runway» moda žurnalynyň redaktory Miranda Pristli häzirki wagtda bäsdeş gurluşa ýolbaşçylyk edýän öňki kömekçisi Emili Çarlton bilen mahabat şertnamalary ugrunda bäsleşýär. Çap edilýän metbugatyň çökgünlik ýagdaýynda Miranda moda pudagyndaky ornuna täzeden baha bermäge mejbur bolýar we pensiýa gitmäge taýýarlanýar.
Taslamanyň täze gatnaşyjylarynyň arasynda Kennet Brana, Lýusi Lýu, Jastin Teru we Ledi Gaga dagy hem bar. Surata düşüriş işleri Nýu Ýork we Milan şäherlerinde geçirildi.