Russiýa Federasiýasy tarapyndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler, Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary üstünlikli çykyş etdiler. 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri dowam edip gelýän bu abraýly halkara bäsleşik jemi üç ugur boýunça geçirilip, türkmen talyplary «Кибердром. Студент» ugry boýunça bäsleşdiler. Umumylykda 4278 gatnaşyjynyň arasyndan saýlanan 57 sany topar alty döwletiň (Türkmenistan, Russiýa Federasiýasy, Belorussiýa, Özbegistan, Gyrgyzystan we Gazagystan) adyndan gatnaşdylar. Türkmenistanyň toparynyň düzüminde tälimçi, guramaçy we programmistler, inženerler hem-de tehniklerden düzülen sekiz sany hünärmen çykyş etdi. Okuw we synag tapgyrlaryndan şowly geçen talyplar kiberfiziki gurluşlary simulýatorda dolandyrmak we olary elde gurnamak boýunça çylşyrymly şertleri ýerine ýetirdiler. Esasanam, uçýan kiberfiziki gurluşlary «akro» tertibinde, ýagny ýokary derejeli akrobatiki öwrümler bilen dolandyrmakda talyplar uly ussatlyk görkezdiler.
«Zarnisa» atly çärýek final tapgyrynda 50 — 100 mbit/s tizlikli internet arkaly aralykdan dolandyrylýan ýerdäki we howadaky kiberfiziki gurluşlar bilen bäsleşilip, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň topary 57 toparyň arasynda dördünji orna mynasyp boldy.
Goşmaça geçirilen «Сборка.СИМ» (Сборка средства индивидуальной мобильности) tapgyrynda bolsa türkmen talyplary rekord netije görkezdiler. Olar 35 sany bölekden ybarat bolan uçýan kiberfiziki gurluşy 10 minudyň dowamynda dolulygyna ýygnap, 97,3 ortaça bal bilen birinji orny eýelediler. Bu tapgyrda dört sany talybyň ýalňyşsyz 100 bal almagy toparyň umumy reýtingini has-da ýokary göterdi.
«Grand Finalyň » öňýanyndaky tapgyrda talyplardan Python programmirleme dilini ulanmak arkaly 4 sany uçýan we 2 sany ýerde hereket edýän kiberfiziki gurluşy awtomatiki ýagdaýda dolandyrýan programmanyň algoritmini düzmek talap edildi. Göni ýaýlymda 4 sagadyň dowamynda ýazylan bu programma üpjünçiligi arkaly kiberfiziki gurluşlar 16 sany ýüki bellenen nokatlara awtomatiki usulda daşamagy başardy. Gazanylan bu ajaýyp üstünlikleriň netijesinde, guramaçy tarap bolan Russiýa Federasiýasy öz hemaýatkärligi bilen türkmen toparyny Moskwada geçiriljek «Grand Final» tapgyryna resmi taýdan çagyrdy.
Bäsleşigiň soňky tapgyry bolan «Grand Final» 2026-njy ýylyň 11 — 16-njy maýy aralygynda geçirildi. 57 ýokary okuw mekdebiniň arasyndan saýlanyp, finala çenli ýeten sekiz güýçli toparyň arasynda türkmen talyplary şu aşakdaky netijeler bilen tapawutlandylar:
Simulýator ýaryşy: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Kiberfiziki ulgamlar» fakultetiniň «Elektronika we nanoelektronika» taýýarlygy ugrunyň III ýyl talyby, topar ýolbaşçysy Kerim Nazarow 64 gatnaşyjynyň arasynda 58 sekunt netije bilen birinji orny eýeledi.
Toparlaýyn netije: Iki günlük ýaryşlaryň ikinji günündäki dört ýaryşyň jemi boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz Wings» topary umumy hasapda ikinji orna mynasyp boldy.
Aýratyn nominasiýa: «Кибердоставка» (berlen ýükleri bellenen aralyga iň gysga wagtda daşamak) we «Гонка БЭК-ов» (ekipažsyz kiberfiziki gurluşlaryň ýaryşy) tapgyrlaryndaky görkezen ýokary tizligi we çeýeligi üçin topar «Мультироторный маневр» ( «köp rotorly kiberfiziki gurluşlary iň çeýe, iň çalt we iň dogry dolandyran topar») kubogy we hormat haty bilen sylaglandy.
Şeýle-de, inženerçilik taslamalarynyň çäklerinde talyplar suwda we gury ýerde hereket edýän ekipažsyz kiberfiziki ulgamlaryny (БЭК) üstünlikli konstruktirlemegi başardylar.