Turkmenportal logo
Şu gün 10:26
47574757
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen amaly-haşam sungatynyň ussalary V Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 16–17-nji maý aralygynda Megri şäherinde geçirilen V Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy.

Türkmen hünärmenleri milli amaly-haşam sungatynyň nepis önümleri bilen tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen milli şaý-sepleri, halylary, keşdeleri hem-de sowgatlyk önümleri festiwala gelen myhmanlaryň ünsüni çekdi.

Şeýle hem festiwalyň çäklerinde türkmen bagşylary çykyş edip, halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Megride geçirilen V Halkara senetçilik festiwaly «Döredijilikli jemgyýet — durnukly geljek» diýen şygar astynda geçirildi. Çärä Ermenistanyň, GDA ýurtlarynyň, Gruziýanyň hem-de Eýranyň senetçi ussalary gatnaşdylar.