Turkmenportal logo
Düýn 17:11
59655965
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ronaldu 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşjak Portugaliýanyň ýygyndysynyň düzümine girizildi

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Roberto Martines 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşjak toparyň düzümine Kriştianu Ronaldunyň goşulandygyny tassyklady.

Şol bir wagtyň özünde portugaliýaly tälimçi meşhur hüjümçiniň başlangyç düzümde kepillendirilen orun almajakdygyny hem aýtdy. Martinesiň sözlerine görä, ýygyndynyň kapitany «esasy düzümde» ýer almak üçin beýleki oýunçylar bilen deň şertlerde bäsleşmeli bolar.

«Diňe öňki gazanylan üstünlikler ýygyndyda orny kepillendirmek üçin ýeterlik däldir. Şeýle-de toparyň üstünligine goşant goşmak zerurdyr. Ol kapitan bolup, deňsiz-taýsyz üstünlikleri gazanan hem bolsa, milli ýygyndynyň beýleki islendik oýunçysy ýaly, şol bir jogapkärçilikleri ýerine ýetirmelidir» — diýip, Martinesiň sözlerini «Goal» neşiri getirýär.

Maý aýynda tälimçi Saud Arabystanynyň Pro-ligasynyň çäklerinde geçirilen «Al Nasr» kluby bilen «Al Hilal» toparynyň arasyndaky duşuşyga hut özi baryp, 39 ýaşly Ronaldunyň oýnuna syn etdi.

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysy Kongo DR-nyň, Özbegistanyň we Kolumbiýanyň ýygyndylary bilen bir toparçada çykyş eder.