Turkmenportal logo
Şu gün 11:12
51875187
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýapraklary 80 sm-den uly bolan yşgyn tapyldy

Aprel aýynda Arçabil ýol ugurda, Markow dagynda, Bajgyran ýol ugurlarda güllän düýplerine gözegçilik geçirildi. Yşgynyň uly ýapraklary görenleri haýran galdyrýar, Arçabil deresiniň ugrunda ösümligiň 80 sm hem gowrak ýapragy bellendi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Derman ösümliginiň her ýyldaky ösüş ýagdaýlary boýunça goraghananyň her ýyldaky «Tebigat ýyl ýazgy» kitabynda maglumatlar berilmek bilen onuň biologiýasyny we ekologiýasy düýpli öwrenilýär. 

Türkmenistanda yşgynyň 4 görnüşi duş gelýär. Olardan: iri tohumly yşgyn, Maksimowiçiň yşgyny, ýürek görnüşli yşgyn Köýtendagda ýaýrandyr. Türküstan yşgyny Kürendag, Günorta-Günbatar Köpetdag, Merkezi Köpetdag, Gündogar Köpetdag, Bathyz, Garagum, Hazar çöllerinde hasaba alyndy.

Bu dermanlyk ösümligiň boýy 40 — 80 sm bolup, ol düzliklerden dag eteginiň aşaky zolagyna çenli, ýapgytlarda we jülgelerde, ownuk toprakly, çagylly topraklarda ösýär. 

Yşgyny lukmançylykda agyryny köşeşdirmekde, demgysmada, gan gusmada, bagyr, aşgazan we başga keselleri bejermekde peýdalanylýar. Yşgyn dermanlyk häsiýetine görä ulanylýan otlaryň arasynda peýdalylygy boýunça bäşinji ýerde durýar.

Köpetdag döwlet tebigy goraghananyň meýdanlarynda we oňa golaý ýerlerde yşgyn duş gelýär. Her ýylda geçirilýän ylmy gözegçiliklerde bu melhemlik ösümliginiň ösüş ýagdaýyna üns berilýär. 2026-njy ýylyň howa şertlerine baglylykda ösümligiň ösüş ýagdaýyna amatly şertler döredi. Şeýlelikde ilkinji gögeren yşgynyň ýapraklary 26-njy fewralda Bakja meýdanynda hem-de mart aýynyň ikinji ýarymynda esasy baldagy çykaran düýpleri Guryhowdan çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda hasaba alyndy.