Turkmenportal logo
Şu gün 10:11
35093509
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BSGG-niň Baş direktory bilen duşuşdy

18 — 23-nji maý aralygynda Ženewada geçirilýän Bütindünýä Saglygy Goraýyş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä Gaglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Baş direktory Tedros Adhan Gebreýesus bilen duşuşygy boldy. Türkmen tarapyna saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini we jemgyýetçilik saglygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen wekiliýeti BSGG-niň ýolbaşçysyny sebit ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin şu ýylyň oktýabr aýynda ýurda gelmäge çagyrdy.

Ikitaraplaýyn duşuşykdan başga-da, türkmen wekiliýeti assambleýanyň işine hem gatnaşýar. Onuň çäklerinde BSGG-ä agza döwletleriň wekilleri ählumumy saglygy goraýyş, halkara hyzmatdaşlyk we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamlarynyň durnukly ösüşi ýaly meselelere garaýarlar.