Turkmenportal logo
Düýn 17:45
89188918
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BSGG we Merkezi Aziýa saglygy goraýyş ulgamy boýunça bäş ýyllyk maksatnamany durmuşa geçirmäge taýýarlanýar

17-nji maýda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň saglygy goraýyş ministrleriniň hem-de wekiliýet ýolbaşçylarynyň BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen resmi däl duşuşygy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň utgaşdyryjylyk etmeginde guraldy.

Gepleşikleriň esasy mowzugy Merkezi Aziýa üçin saglygy goraýyş we abadançylyk boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin niýetlenen «Ýol kartasyny» («MAÝK 2.0») institutlaşdyrmak tapgyryny tamamlamakdan ybarat boldy. Gatnaşyjylar resminamany resmi taýdan kabul etmegiň we ony syýasy derejede işe girizmegiň formatlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem «Ýol kartasyny» has giň sebit mehanizmleri, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) çägindäki Saglygy goraýyş ýyly bilen utgaşdyrmak mümkinçiliklerine seredildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar «MAÝK 2.0-yň» we ony durmuşa geçirmek boýunça Amaly gollanmanyň umumylykda ylalaşylandygyny hem-de syýasy derejede tassyklanmaga taýýardygyny tassykladylar. Resminamany resmi taýdan işe girizmegiň we doly durmuşa geçirmek tapgyryna geçmegiň esasy parametrleri boýunça özara düşünişmek gazanyldy.

Şol gün doktor Hans Klýugeniň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow bilen aýratyn duşuşygy boldy. Duşuşykda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky sebit hyzmatdaşlygy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we ony has-da pugtalandyrmagyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler.