Turkmenportal logo
Düýn 16:12
1664116641
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti YHG-nyň Sebit meýilleşdiriş Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

17-nji maýda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebit meýilleşdiriş Geňeşiniň (SMG) 36-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistan hem gatnaşýar. Çäre utgaşykly görnüşde guralyp, ol Pakistan Yslam Respublikasynyň başlyklyk etmeginde 2026-njy ýylyň 20-nji maýyna çenli dowam eder. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyk «Durnukly YHG üçin sebitleýin galkyndyrmak» şygary astynda geçirilip, onda gurama agza döwletleriň wekiliýet ýolbaşçylary SMG-niň 35-nji mejlisiniň kararlarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem mejlisiň dowamynda 2026-njy ýyl üçin Iş maksatnamasy we Çäreleriň senenamasy tassyklanylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýurduň esasy garaýyşlaryny beýan etdi. Hususan-da, ulag-logistika integrasiýasyny çuňlaşdyrmak, energetika dialogyny öňe sürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Çykyşda Aziýa we Ýewropa sebitlerini birleşdirýän üstaşyr geçelgeleriniň möhüm halkasy hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle-de türkmen tarapy «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk —Günorta» geçelgelerini has-da ösdürmäge, multimodal düzümleri döretmäge we sebitiň logistika mümkinçiliklerini giňeltmäge goldaw bildirdi.

Ekologik gün tertibiniň nukdaýnazarynda Türkmenistanyň wekiliýeti energiýa üpjünçiliginiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ygtybarly we durnukly energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň, şeýle hem döwrebap energiýa netijeli tehnologiýalaryny we «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Türkmenistan 2035-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygyň Strategik maksatlarynyň üstünde alnyp barylýan işleri goldaýandygyny bildirdi. Şunuň bilen birlikde, ýurt YHG-nyň işine mundan beýläk hem işjeň gatnaşmaga, bilelikdäki maksatnamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine netijeli goşant goşmaga, şeýle-de guramanyň halkara giňişligindäki ornuny we abraýyny berkitmäge taýýardygyny tassyklady diýlip, habarda bellenilýär.