Turkmenportal logo
Şu gün 12:18
56345634
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti «KazanForumda» «Asylly moda güni» moda görkezilişine gatnaşdy

Kazan şäherinde geçirilýän «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2026» XVII halkara ykdysady forumyntň çäklerinde «Asylly moda güni» («Modest Fashion Day») atly moda festiwaly geçirildi. Moda görkeziliei de Türkmenistana «Miras» moda öýi wekilçilik etdi.

Çäre «Piramida» konsert toplumynda geçirilip, Malaýziýadan, Indoneziýadan, Marokkodan, Pakistandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, şeýle hem Kazandan, Ufadan we Çelýabinskden gelen dizaýnerleri bir ýere jemledi.

Türkmen wekiliýeti milli nagyşlaryň däp bolan görnüşleri ulanylyp taýýarlanan zenan köýnekleriniň toplumyny hödürledi. «Miras» moda öýüniň lybaslart festiwalyň umumy äheňine sazlaşykly goşulyp, türkmen halkynyň milli amaly-haşam sungatynyň özboluşlylygynyň subutnamasy boldy.

Milli däpleriň döwrebap düşündirişleri, folklor äheňleri we erkekler üçin asylly moda eşikleri hem maksatnamanyň esasy bölegi boldy. Dizaýnerler köpugurly çözgütler bilen erkin biçüwli kolleksiýalary hödürläp, sada nepislik ýörelgesini öňe sürdüler. Her bir kolleksiýada etniki äheňler aýdyň duýuldy: elde keşde çekmek, aplikassiýa we matalary bezemegiň däp bolan usullary giňden ulanyldy.

Tatarystan Respublikasynyň Maýa goýumlaryny ösdürmek agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minullina festiwalyň halkara hünär gurşawyny emele getirýändigini we pudagyň iň gowy nusgalaryny görkezmek üçin meýdança bolup hyzmat edýändigini aýtdy. 

Malaýziýaly gatnaşyjylar hem bu ugruň ählumumy häsiýetini nygtap, asylly modanyň din ýa-da geografiýa çäkleri bilen çäklenmeýändigini, onuň dürli medeniýetleriň adamlary üçin açykdygyny bellediler.

Guramaçylar «KazanForumyň» çägindäki «Asylly moda güni» festiwalynyň dizaýnerler we pudak hünärmenleriniň arasynda dialog gurmak üçin halkara meýdança hökmünde yzygiderli ösýändigini bellediler.