Turkmenportal logo
Şu gün 10:13
36863686
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Xpeng kompaniýasy Ýewropada «Volkswagen» zawodyny satyn almak barada gepleşikleri geçirýär

Hytaýyň XPeng elektrik awtoulag öndürijisi Ýewropadaky önümçilik kuwwatyny, şol sanda Germaniýanyň «Volkswagen» konserniniň zawodlaryny satyn almak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Bu barada Financial Times neşiri kompaniýanyň Demirgazyk-Gündogar Ýewropa boýunça dolandyryjy direktory Elwis Çene salgylanyp habar berdi.

Çeniň sözlerine görä, XPeng kompaniýasy sebitde öz önümçiligini ýerleşdirmegiň dürli görnüşlerine seredýär, sebäbi häzirki bar bolan kärhanalar kompaniýanyň talaplaryny doly kanagatlandyrmaýar. Hususan-da, ol «Volkswagen» konserniniň zawodlarynyň «birneme könelendigini» aýtdy. «Volkswagen» konserni neşiriň muny teswir bermek baradaky ýüzlenmesine jogapsyz goýdy.

Häzirki wagtda XPeng kompaniýasy Ýewropada awtoulaglaryny Awstriýanyň Magna Steyr kompaniýasynyň şertnamaly önümçiliginiň esasynda çykarýar, emma bu kuwwatlyklar eýýäm doly güýjüniň çäginde işleýär. Şol bir wagtyň özünde hytaý tarapy sebitde täze zawody gurmak mümkinçiligini hem öwrenýär.

Gepleşikler iki kompaniýanyň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýar: 2023-nji ýylda «Volkswagen» konserni takmynan 700 million dollar maýa goýup, onuň öwezine XPeng kompaniýasynyň tas 5 göterim paýyny aldy we Hytaý bazary üçin elektrik awtoulaglaryny bilelikde işläp taýýarlamak barada ylalaşdy.

Şol bir wagtyň özünde Germaniýanyň konserni güýçlenýän bäsdeşlik şertlerinde düzümini täzelemek döwrüni başdan geçirýär. 2025-nji ýylyň ahyrynda «Volkswagen» konserni Germaniýadaky zawodlarynyň birini ýapdy we 2030-njy ýyla çenli ýurtda 50 müň iş ornuny kemeltmegi meýilleşdirýär.