Turkmenportal logo
Şu gün 10:11
37753775
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaşlary Pekinde geçirilen Halkara festiwalyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň ýaşlary 14-nji maýda Pekinde geçirilen Lead the Tide, Embrace the World atly 22-nji Halkara ýaşlar medeni festiwalyna gatnaşdy.

Festiwalyň açylyşy Pekiniň Halkara Söwda we ykdysadyýet uniwersitetiniň (UIBE) Çensin meýdançasynda geçirildi — diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldawy bilen foruma işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň milli medeniýetini we baý däp-dessurlaryny mynasyp derejede tanyşdyrdylar.

Dünýäniň ýüzden gowrak döwletiniň wekillerini birleşdiren giň gerimli forumyň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýony guraldy. Türkmen talyplary tarapyndan taýýarlanan sergi «açyk gapylar» syýasatynyň we medeni dialogyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şeýle hem bu ýerde ýurduň gazanan üstünlikleriniň tanyşdyrylyşy we milli tagamlaryň sergisi geçirildi, bu bolsa myhmanlara türkmen myhmansöýerligi bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Pawilýona köp sanly daşary ýurt diplomatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de halkara talyplar jemgyýetçiliginiň agzalary baryp gördüler.

Çäräniň döredijilik böleginde türkmen talyplary tomaşaçylara milli tanslary we aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Bu çäräniň bir gün öňünden «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde ýokary energetika biliminiň ýokary hilli ösüşi boýunça simpozium» Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirildi. Bu çärä hem türkmen talyplary özleriniň çykyşlary bilen gatnaşdylar.