Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-jeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar syýasy-diplomatik ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol sanda daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän geňeşmeler, parlamentara gatnaşyklar hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, ýurtlaryň halkara başlangyçlaryny özara goldaýandyklary nygtaldy.
Şeýle-de duşuşykda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» köptaraplaýyn görnüşindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik we uzak möhletleýin ugurlary barada gürrüň edilende, koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gazhimiýa senagatynda, ulag düzümlerinde we gämi gurluşygynda iri taslamalary durmuşa geçirmekdäki uly goşandy aýratyn bellenildi.
Mundan başga-da, bilim, ylym, sport hem-de Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek ugurlarynda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy nygtaldy.