Kuweýtiň «Al-Kuweýt» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 2025/26 möwsüminiň kubogyna eýe boldy. Final duşuşygynda topar Kambojanyň «Preah Khan Reach Svay Rieng» toparyny 4:3 hasabynda ýeňip, kubogy gazandy. Oýun Jaber Al-Ahmad adyndaky stadionda geçirildi. Bu ýaryşyň diňe ikinji gezek geçirilýändigini ýatladýarys: geçen ýyl ilkinji gezek guralan ýaryşda bu kuboga Türkmenistanyň «Arkadag» kluby mynasyp boldy.
Ýatladyp geçsek, 2025-nji ýylyň 10-njy maýynda «Arkadag» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 2024/25 möwsüminiň kubogyny gazanyp, öz taryhyndaky ilkinji halkara baýragyna eýe bolupdy. Pnompen şäherindäki «Morodok Teço» milli stadionynda geçirilen finalda türkmen kluby şol bir «Preah Khan Reach Svay Rieng» toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňiş pökgüsini 112-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew geçiripdi. Şeýlelikde, Kambojanyň kluby yzly-yzyna ikinji ýyl hem bu ýaryşyň finalynda ýeňlişe sezewar boldy.
Soňky final duşuşygynyň birinji ýarymynda meýdança eýeleri iki pökgi geçirtdi: ilki bilen Tiago Alwes üçünji minutda jerime meýdançasynyň daşyndan takyk urgusy bilen hasaby açdy, dokuzynjy minutda bolsa Rýo Fudzi «Svay Riengiň» artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. Ikinji ýarymyň başynda Mehdi Barrahma bilen Mohamed Marhunyň gollary arkaly «Al-Kuweýt» hasaby deňledi. Emma goşmaça wagtyň birinji ýarymynda Kristian Dos Santos Kambojanyň klubuny ýene öňe çykardy.
Kuweýtiň klubunyň ýeňşinde müsürli ýarym goragçy Amr Abd El-Fattah Ammuri esasy orna mynasyp boldy. Ol iki netijeli pas berip, goşmaça wagtda jerime meýdançasynyň daşyndan geçiren pökgüsi bilen hasaby deňledi. Ýeňiş pökgüsini bolsa goşmaça wagtyň ikinji ýarymynda Mohammad Dahamyň ýokardan beren pasyny kellesi bilen tora gönükdiren Ýusif Al-Suleýmana geçirdi.
Bu kubok «Al-Kuweýt» üçin Aziýa derejesindäki dördünji baýrak boldy. Duşuşyga takmynan 44 müň tomaşaçy gatnaşdy.
Belläp geçsek, häzirki möwsümdäki ýaryşa Aşgabat şäheriniň «Altyn Asyr» topary hem gatnaşdy. Klub Günbatar zolagynyň «A» toparçasynda Omanyň «Al-Şabab», Butanyň «Paro» we Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparlary bilen güýç synanyşdy. «Abdyş-Atany» 1:0, «Parony» bolsa 3:1 hasabynda ýeňen türkmen kluby 6 utuk bilen toparçada ikinji orny eýeledi. Şeýle-de bolsa, soňky tapgyrda «Al-Şababa» 1:3 hasabynda utulyp, garşydaşyny öňe geçirdi. Netijede, «Altyn Asyr» toparçada ikinji orny eýeländigine garamazdan, çärýek finala çykyp bilmedi.