Turkmenportal logo
Düýn 15:50
86288628
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
IRENA-nyň baştutany «Ak şäherim Aşgabat» forumyna gatnaşar

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda «Binagärlik. Innowasiýalar. Durnukly ösüş» şygary astynda geçiriljek XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşar.

Forum halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, diplomatik korpusyň wekillerini, şeýle hem gurluşyk, energetika, inženerçilik we ýokary tehnologiýalar pudagynda işleýän öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryny bir ýere jemlär. Şu güne çenli dünýäniň 45 ýurdundan 450-den gowrak wekil gatnaşmak üçin hasaba alyndy.

Çäräniň maksatnamasyna BMG-niň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda «Ählumumy gepleşiklerden ýerli hereketlere: durnukly, inklýuziw we akylly şäherleri ösdürmek» atly ýokary derejeli «tegelek stol» maslahaty girizildi. Gatnaşyjylaryň üns merkezinde — geljegiň energetika ulgamlaryny, sanly infrastrukturalary, pes uglerodly tehnologiýalary we akylly şäher çözgütlerini ösdürmek meseleleri bolar.

Has giňişleýin maglumaty çäräniň resmi saýtyndan tapyp bilersiňiz.