Turkmenportal logo
Şu gün 15:48
50525052
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

14-nji maýda Ankarada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýewiň Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEİK) ýanyndaky «Türkmenistan — Türkiýe» işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Türk tarapyna işewürlik geňeşiniň başlygy Sef Gomdeniz ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi, şeýle hem iki ýurduň işewürlik toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn üns çekildi. Hususan-da, geňeşiň işewür duşuşyklaryny, türk öndürijileriniň önümleriniň sergilerini we Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işewürlik forumlaryny guramakdaky goşandy bellenildi.

Sef Gomdeniz türk işewür toparlarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalaryna berilýän goldaw üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Taraplar iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda konstruktiw dialogyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar hem-de geljegi uly ikitaraplaýyn taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.