Turkmenportal logo
Şu gün 12:55
76887688
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarus ýokary okuw mekdeplerine 2026-2027-nji okuw ýyly üçin kabul edişlik dowam edýär 

«Abraýly Watan» hususy kärhanasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin kabul ediş möwsümini dowam edýär we türkmen dalaşgärlerini Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga çagyrýar!

Lukman, IT hünärmeni, inžener bolmagy ýa-da ynsanperwer ylymlar boýunça karýera gurmagy arzuw edýärsiňizmi? Häzir geljegiňizi kemala getirjek hünäre tarap indiki ädimi ätmegiň tüýs wagty. Belarus bilim ulgamy ýokary derejeli okuwy, okatmaga döwrebap çemeleşmesi we uçurymlaryna halkara zähmet bazarynda uly isleg bildirilmegi bilen, köp ýyllardan bäri uly abraýa eýedir.

«Abraýly Watanyň» hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Belarusyň iň abraýly uniwersitetleri bar:

  • Lukmançylyk ugurly uniwersitetler: Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti (BDLU), Gomel döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GomDLU), Grodno döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GrDLU), Witebsk döwlet lukmançylyk uniwersiteti (WDLU). 

  • Tehniki we IT: Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIRU), Belarus milli tehniki uniwersiteti (BMTU), Belarus döwlet tehnologiýa uniwersiteti (BDTU).

  • Ynsanperwer ylymlar we diller: Belarus döwlet daşary ýurt dilleri uniwersiteti (BDDÝDU), Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti (GrDU), Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti (Fransisk Skorina ad. GDU), Ýewfrosinýa Poloskaýa adyndaky Polosk döwlet uniwersiteti (PDU), P.M. Maşerow adyndaky Witebsk döwlet uniwersiteti (WDU), A.S. Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersiteti (BrDU).

Näme üçin müňlerçe talyp okamak üçin Belarusy saýlaýar? 

  • Elýeterli bahadan Ýewropa derejesindäki bilim.

  • Rus ýa-da iňlis dilinde bilim almak mümkinçiligi.

  • Döwrebap barlaghanalar, amaly okuwlar we iş berijileriň talaplaryna laýyk gelýän maksatnamalar.

  • Dünýäniň köp ýurdunda ykrar edilýän diplomlar.

Esasy artykmaçlyk bolsa «Abraýly Watan» doly goldawy üpjün edýär. Kompaniýanyň hünärmenleri girişiň ähli tapgyrlarda kömek ederler:

  • islegleriňize laýyk gelýän hünäri we uniwersiteti saýlamaga,

  • resminamalary dogry taýýarlamaga,

  • ähli kabul ediş tapgyrlaryndan kynçylyksyz geçmäge kömek ederler.

Ilkinji maslahatdan başlap, kabul edilmäge çenli her ädimde siziň üstünligiňiz üçin işleýän toparyň doly goldawy üpjün edilýär. 

Geljegiňiz baradaky aladany soňa goýmaň. Belki, şu gün abraýly bilime we üstünlikli zähmet ýoluna tarap barýan ýoluňyzyň başlangyjydyr.

Habarlaşmak üçin «Abraýly Watanyň» maglumatlary:

Telefonlar:
• (+993 65) 05 72 75
• (+993 64) 05 72 75
• (+993 63) 27 72 75
• (+993 62) 94 48 22
• +375256567862
• +375259703928

Email: abraylywatan2024@gmail.com

Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan köç., 120/1 jaý («Şirin Nygmatlary» binasy).