Turkmenportal logo
Şu gün 09:45
56105610
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
NesilCoffee «Agro Pack Turkmenistan – 2026» sergisinde öz önümlerini tanyşdyrdy

Türkmenistanyň NesilCoffee kompaniýasy 13-nji maýda Aşgabatda açylan «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisine gatnaşýar. Kofe önümlerini öndürýän kärhana içerki bazar hem-de eksport üçin niýetlenen önümleriniň giň görnüşleri bilen tanyşdyrýar.

Kärhana önümçiligiň ähli tapgyrlarynda hil gözegçiliginiň häzirki zaman enjamlaryny we tehnologiýalaryny ulanýar. Önümleriň hataryna dürli görnüşli däneli kofeler, sublimasiýa edilen ereýän kofe, «3-si 1-de» görnüşli premium içgiler, çaý önümleri, şol sanda Karak Tea, şeýle hem kafe we ofisler üçin niýetlenen çözgütler girýär.

Kompaniýa ýokary hilli çig mala we tagamyň durnuklylygyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. NesilCoffee kompaniýasynyň ýolbaşçylary serginiň täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we hyzmatdaşlyk taslamalaryny ösdürmek üçin möhüm meýdança boljakdygyny belleýärler.

Bu çäre Türkmenistanyň agro-senagat toplumyny we azyk senagatyny ösdürmek pudagynda işleýän öndürijileri, üpjün edijileri hem-de işewürlik wekillerini bir ýere jemleýär.

«Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi 14-nji maýa çenli dowam eder. Çärä Russiýadan, Belarusdan, Azerbaýjandan, ABŞ-dan, Türkiýeden we Özbegistandan gelen kompaniýalar bilen birlikde, jemi 80-e golaý türkmen we daşary ýurt kompaniýasy gatnaşýar.

NesilCoffee kompaniýasy bilen habarlaşmak üçin:

Salgysy: Türkmenistan, Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Magtymguly obasy, Magtymguly köçesinden 3 km uzaklykda

Edarasynyň telefonlary: +993 137 3 29 69 / +993 137 3 29 71

Email: info@nesilcoffee.com

Web sahypasy: www.nesilcoffee.com