Turkmenportal logo
Düýn 16:57
1370313703
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
British Management University Türkmenistanyň bilim bazaryna girýär 

Britaniýanyň menejment uniwersiteti (British Management University, BMU) B2B formatyndaky Beýik Britaniýa – Türkmenistan söwda missiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň üç guramasy bilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekdi. Missiýa şu hepde Londonda bäş sany ileri tutulýan ugur boýunça düzümleýin işewürlik duşuşyklaryna, gepleşiklere we göçme saparlara gatnaşmak üçin 30-a golaý türkmen kompaniýasyny bir ýere jemledi.

BMU tarapyndan resminamalara uniwersitetiň ylmy işler boýunça prorektory we Kembrij uniwersitetiniň Jesus kollejiniň ýanyndaky Merkezi Aziýa boýunça Kembrij forumynyň direktory gol çekdi. Türkmen hyzmatdaşlar tarapyndan bolsa «Perzent» bilim merkeziniň esaslandyryjysy Juma Gurbanow, «TurkmenExpo-nyň» müdiri Magtymguly Hydyrow hem-de «Türkmen Kongress ES» HJ-niň ýanyndaky Bazarlara elýeterlilik we syýasat merkeziniň (MAP Centre) direktory Wepa Mälikgulyýew gol çekdi.

Gol çekilen ähtnamalar BMU-nyň Türkmenistandaky gerimini we hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilendir. Hyzmatdaşlyk talyp alyşmalaryny we okuwa kabul edilmegini, ýurduň çäklerinde BMU-nyň taýýarlyk maksatnamasynyň işe girizilmegini, şeýle hem uniwersitetiň Türkmenistandaky marketing işleriniň gerimini artdyrmagy öz içine alýar.

Ylalaşyklaryň baglaşylmagy Merkezi Aziýada britan nusgasyndaky ýokary bilime bolan islegiň artýandygyny görkezýär we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşýan döwrüne gabat gelýär. 2026-njy ýylyň fewralynda Beýik Britaniýa we Türkmenistan 2026–2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler, Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa birinji ministrler sammitinde bolsa türkmen edaralary bilen Britaniýanyň bilim we bilimi bahalandyrmak ulgamyndaky guramalarynyň arasynda birnäçe täze ähtnamalar baglaşyldy.

B2B formatyndaky Beýik Britaniýa – Türkmenistan söwda missiýasy 2026-njy ýylyň 11 – 15-nji maýy aralygynda Londonda geçirilýär. Onuň guramaçylary bolup «TurkmenExpo», Günbatar Londonyň Söwda edarasy (West London Chambers of Commerce) we MAP Centre çykyş edýärler. Bu çärä Türkmenistanyň Londondaky ilçihanasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy institusional goldaw berýärler. Bilim ulgamy – obasenagat, dokma senagaty, syýahatçylyk we gurluşyk ulgamlary bilen bir hatarda, missiýanyň bäş esasy ugrunyň biridir.