Turkmenportal logo
Düýn 15:22
1651816518
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ozon Türkmenistanda eltip bermek hyzmatyny ähli sebitlere giňeltdi

Ozon platformasy 2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanda resmi taýdan işe girizilenden soň, 3-nji aprelden başlap ýurduň ähli sebitleriniň ýaşaýjylary üçin elýeterli boldy. Ilkibaşda hyzmat diňe Aşgabatda işleýän bolsa, häzirki wagtda sargytlary «Türkmenpoçta» kärhanasynyň islendik poçta bölüminden alyp bolýar.

Ulanyjylara elektronika, egin-eşik, öý üçin harytlar we başga-da köp dürli önümler hödürlenýär. Tölegler ýurduň ygtyýarly banklarynyň kartalary arkaly, onlaýn töleg hyzmaty işjeňleşdirilen ýagdaýynda amala aşyrylýar.

Degişli bank kartasy bolmadyk ýa-da ony resmileşdirmek boýunça soraglary bolan raýatlara «Türkmenpoçtanyň» 075 belgili ýörite telefon belgisine jaň edip, ýüz tutmak maslahat berilýär.

Sargytlary alyp boljak nokatlar barada täzelenen maglumatlary ozon.tm saýtynda görüp bolýar.