Turkmenportal logo
Düýn 13:38
80368036
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Litwanyň diplomatlary Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Litwa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Narius Alekseýunas bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasy habar berýär.

Gepleşikleriň esasy temasy Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada boldy. Taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça geljekki hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alyşdylar.

Diplomatlar Aşgabadyň we Brýusseliň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygyny bellediler. Munuň üçin syýasy dialogy berkitmegiň, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

«Global Gateway» başlangyjynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde taraplar ulag baglanyşygy, energetika, durnukly infrastruktura ösüşi hem-de howa gün tertibi boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar.

Şeýle hem S.Pällwanow bilen N.Alekseýunas türkmen-litwa gatnaşyklarynyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar  gatnaşyklaryň yzygiderli ösüşini we dialogyň konstruktiw häsiýetini bellediler.

Duşuşygyň netijesinde taraplar ikitaraplaýyn derejede hem-de Ýewropa Bileleşiginiň institutlary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.