
21.07.2023
8298

21.07.2023
29993

21.07.2023
6373

28.04.2022
35016
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy 2024/2025-nji okuw ýyly üçin taýýarlygyň aşakdaky ugurlary boýunça tölegli esasda okuwa kabul edýändigini yglan edýär:
1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: ylym we bilim işlerini dolandyrmak).
2. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: sanly dolandyryş; döwletdolandyryşy; işgärleri dolandyrmak).
3. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: konstitusiýa hukugy; administratiw hukugy).
Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Okuwa ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolanlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Akademiýanyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada 2024-nji ýylyň 29 — 31-nji iýuly geçirilýär.
Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:
ykdysady nazaryýet, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary.
Magistrleri taýýarlamak ugry boýunça giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
taýýarlygyň ugurlary:
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde geçirilýär.
Bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaga goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
Türkmenistanyň Prezidentiniňýanyndaky Döwletgullugy akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Görogly köçesi,88.
Telefon belgileri: 39-37-17,39-37-09.