Arhiw

Durmuş toýunyň ýyllygy we ýubileýleri: olar nähili bellenilýär, nämeler sowgat berilýär

0
32827

Durmuş toýuny ajaýyp, kaşaň äheňde bellemek — iň söýgüli adamyň bilen uzak ýyllap ömür sürmegiň deň ýarysyna barabar diýlip hem düşünilýär. Adatça, durmuş gurmagyň ilkinji üç ýyly emosional gatnaşygy we gündelik aladalary göz öňüne tutsaň, ýaşaşmagyň iň kyn döwri hasaplanýar, hut şu döwürde ýaş çatynjalaryň aýrylyşýanlary köp bolýar.

Nikada birek-birege bolan duýgynyň derejesini kadaly saklamak üçin psihologlar maşgala durmuşynyň her ýylyny bellemegi maslahat berýärler. Ajaýyp, uludan bellenilýän baýramçylyk üçin, esasan, bu senäniň sanlary deň gelýän bolmasa ýa-da ýubileý bolmasa, agşamky romantiki tete-a-tet hem ýeterlikdir.

Däp-dessurlaryň taryhy

Toý ýubileýini bellemek däbi, takmynan 250 ýyl mundan ozal, ilki Ýewropa ýurtlarynda, soňra Russiýada ýüze çykypdyr, ýöne soňra diňe baý adamlaryň arasynda giňden ýaýrapdyr. Nika ýubileýini bellemek pikiri orta asyr Germaniýada, Gündogarda — Hytaýda we Ýaponiýada döräpdir, toý ýubileýleri diňe bagt getirýän hem-de şowsuz bolan sanlaryň numerologiki taglymatyna laýyklykda bellenilip geçilýär. Şoňa görä, «4» sanly seneleri uly gerimde bellenilmeli diýen düşünje ýaýrapdyr. Galan seneleri asuda bellemek ýa-da asla bellemezlik hem adaty zat hasap edilipdir.

Russiýada toý ýubileýleri diňe XIX asyryň ahyrynda köpçülikleýin bellenip başlandy. SSSR döwründe 25, 50 we 60 ýyllyk nika toýlaryny belleýän maşgalalary RÝNÝ merkezinde köpçülik wekilleriniň we hatda ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda hem gutlapdyrlar.

Durmuş toýunyň ýubileýi näme üçin bellenilýär?

Durmuş toýunyň ýyllygyny bellemek bilelikde geçirilen ýylyň netijelerini jemlemäge mümkinçilik berýär: ýalňyşlyklary kesgitlemek, geljekde olardan gaça durmagyň mümkinçiliklerini seljermek we geljek üçin meýilnamalary kesgitlemek. Mundan başga-da, bu kiçijik (ýa-da beýle kiçi hem bolmadyk) baýramy guramagyň başga bir sebäbi — restorana, kino, piknige ýa-da gezelenje gitmek üçin ajaýyp bahanadyr.

Toý ýubileýine myhmanlary çagyrmagy ýa-da çagyrmazlygy, isleglerine ýa-da maddy ýagdaýyna baglylykda, her är-aýalyň özi kesgitleýär.

Durmuş toý ýubileýleri nähili atlandyrylýar?

Her nika ýubileýiniň birek-birege sowgat saýlap biljekdigiňize baglylykda öz ady bolýar. Ýubileýleri olaryň atlaryna görä bellemek hökman däl, ýöne käbir maglumatlary bilip goýmak üçin olary dykgatyňyza ýetirýäris.

1 ýyl – Mata
2 ýyl – Kagyz 
3 ýyl – Deri 
4 ýyl – Zygyr 
5 ýyl – Agaç
10 ýyl – Gülgüne
15 ýyl – Hrustal
20 ýyl – Farfor
25 ýyl – Kümüş
30 ýyl – Dür
35 ýyl – Merjen
40 ýyl – Göwher 
45 ýyl – Sapfir
50 ýyl – Altyn 
60 ýyl – Brilliant-altyn
75 ýyl – Brilliant toý

Bu atlara görä, ýubileýlerde degişli sowgatlary bermek maslahat berilýär. Mysal üçin, birinji ýubileýde är-aýal birek-birege simwoliki sowgat — elýaglyk berýär; ikinji ýylda kitap, üçünji ýylda deriden ýasalan zat, onunjy gül berilýär.

Toý ýubileýi nirede bellenilse gowy bolar?

Köp adamlar onunjy ýylyndan toý ýubileýlerini ajaýyp äheňde bellemegi makul bilýärler — ol hatda toýuň özi bilen des-deň diýen ýaly bolýar. Käbir adamlar ýakyn dostlary we garyndaşlary bilen öýde oturylyşyk etmegi saýlaýarlar, käbirleri bolsa toý dabarasynyň atmosferasyny duýmak üçin restoranda baýram etmegi makul görýärler.

Aşgabatda ýerleşýän «Ak Ýol» toý mekany bu maksatlar üçin iň amatly ýerleriň biri bolup biler. Müň adam üçin niýetlenen giň zal, milli we dünýä aşhanasyndan onlarça baýramçylyk tagamnamasy, işgärleriň ýokary derejeli hyzmaty myhmanlaryň we gahrymanlaryň ýatdan çykmajak agşamyny üpjün eder. Mundan başga-da, tölegsiz ýetirilýän goşmaça hyzmatlary belläp geçmek gerek. Mysal üçin, muňa zalyň bezegi, audio enjamlar bilen üpjün etmek, çagalar üçin animator hyzmatlary degişli.

Zalyň bezeginde ýyly, ýapyk tonlar, kuwwatly ýyladyş we kondisioner ulgamy islendik howada laýyk hem-de oňaýly atmosferany döredip biler. Zal Aşgabadyň iň gözel ýerleriniň birinde — paýtagtyň we daglaryň ajaýyp görnüşi açylýan baýyrda ýerleşýär.

«Ak Ýol» toý mekany myhmanlara şu salgyda garaşýar: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi. Goşmaça maglumat üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Peýdalanylan çeşmeler: bdplanner.by; vk.com; hotwed.com.ua

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar