Soňky habarlar

Arhiw

Magtymgulynyň ilkinji çeper keşbi

0
875

Doglan senesinden bäri üç asyra golay wagt geçen akyldar Magtymgulynyň döredijiligi bu gün dünÿä alymlary tarapyndan giň öwrenilyär. Ceper sözün ussatlary bolsa sahyryn ömri, durmuşy, onuň yaşan döwri hakynda ençeme eserler döretdiler. Türkmen edebiyatynyň taryhynda ilkinji bolup akyldar şahyr hakynda eser yazmak ussat ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň paýyna düşdi. Ol 1941­nji ýylda beýik şahyr Magtymgulynyň edebi keşbini döretmäge synanyşyk edýär. Dramaturg şahyryň goşgularyna ýüzlenip, şol goşgular esasynda şahyr baradaky tutumly eseri döredýär. Dramaturgyň aýdyşy ýaly, eserde okyjy­da, tomaşaçyda ata Watana bolan söýgini ösdürmek üçin, Watanyň goragyny has­da berkitmäge çagyryş hökmünde türkmen hal­kynyň taryhyna ýüzlenilýär. Taryhyň gatyn­dan okyja türkmen ýigidiniň Watana bolan söýgüsi janlandyrylyp görkezilýär. Şol döwürde drama eserleriniň az wagtda ýazylyp tomaşaça hödürlenilmegi, şeýle­de, beýik şahyryň keşbini gysga wagtda döredip halka ýetirmegi dramaturgdan uly ussatly­gy talap edýärdi. Magtymgulynyň keşbini çeper söz bilen beýan etmek näçe gyzykly, özüneçekiji bolsa­da, şonça­da ýeňil bol­madyk işdi. Dramaturgyň bu jogapkärçilige kyn­ žanrda ýüzl­en­me­si,­on­da­-da­ ony­ goş­gy­ bilen ýazyp hödürlemegini onuň üstünligi diýip bileris. Dramada awtoryň öz öňünde goýan wezipesi şahyryň çeper keşbini doly açyp görkezmek bolup durýar. Bu maksat dramatur­gi­ýa­ žan­ryn­da ­şah­yr­ bil­en­ dramaturgyň ikiçäk galyp, hereketiň, çeper diliň üsti bilen tomaşaça şahyryň dünýäsini açyp görkezmekde jemlenýär. Munuň jogapkärçiligi bolsa haýsydyr bir aktýory döwre görä geýindirip, oňa batly ses bilen Mag­tymgulynyň goşgularyny ýatdan okatmak bilen çözülýän mesele däl­de, şol keşpde şahyryň çeper keşbini açmaga mümkinçilik beryän hereketleri, dili, garşylygy tapmakdan, ulanmakdan ybarat bolup duryar. Bu eserde sanan edebi tilsimlerimizi tapyp, şahyryň keşbini döretmäge dramaturga onuň öz goşgularyna köpräk üns bermegi ýardam beripdir.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Baýlyýewa Nartäç

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar