Soňky habarlar

Arhiw

Tehnologiki öňegidişlikler

0
566

Sanly elektron söwda – bu internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylýan maliýe amallaryň we geleşikleriň dowamynda bolup geçýän harytlaryň we hyzmatlaryň alyş-çalşygy we pul serişdeleriniň geçirimleri bolup durýar. Sanly internet-banking bolsa bank hasaplaryna we olar bilen geçirilýän bank amallaryny aralykdan ýerine ýetirip bilýän, internet ulgamyna islendik wagt girip bilýän enjamlaryň bank hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalaryň jemidir. Sanly elektron tölegler diýlip, harytlaryň alyş-çalşygy we hyzmatlaryň internet ulgamynyň üsti bilen satyn alynmagy netijesinde, maliýe guramalaryň, işewür edaralaryň we internet ulgamyny ulanyjylaryň arasynda bolup geçýän hasaplaşyklaryň ulgamydyr.                   

Sanly internet-marketing müşderilere harytlary we hyzmatlary satmak, olar bilen gatnaşyklary gurnamak maksady bilen adaty marketingiň ýörelgeleriniň internet giňişliginde ulanylmagy bolup durýar. Sanly internet-marketing elektron täjirçiligiň düzüm bölegidir. Oňa onlaýn-marketing diýlip hem aýdylýar. Sanly internet-marketing internetiň dünýä ýaýramagy bilen uly meşhurlyga eýe boldy.                           

Ylmy-tehniki progresiň tiz ösmegi we täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar hojalyk subýektleriň işjeňligine oňyn täsir edýär. Tehnologiki öňegidişlikleriň ýokarlanmagy diňe hojalyk subýektleriň sanly elektron resminama dolanyşygynyň hyzmatlarynyň ýöredilmegini tizleşdirmän, eýsem, olaryň işjeňliginiň, görnüşlerini hem artdyrmaga özüniň täsirini ýetirýär. 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Mommyýewa Leýli

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar