Soňky habarlar

Arhiw

Bilim kämilligiň binýady

0
514

Syrlardan doly ylym-bilim dünýäsine eltýän ýol her birimiziň bilim ojagymyzdan, çagalygymyzdan gözbaş alýar. Mähriban ojagymyzda ilkinji öwrenen harpymyza, alan oňat bahamyza, iň bir ýönekeýje üstünligimize ene-atamyz özümizden gowy begenýändirler. Bu ýöne ýerden däl. Sebäbi şol ilkinji ädimlerden başlan durmuş menzillerinde saňa üstünlikleriň, ýeňişleriň hemra bolmagynda ene-atanyň orny uludyr. Olaryň ýürekden çykýan şatlygy, egsilmez söýgi we yhlasy çaganyň kalbynda ynam döredýär, polat taplan ýaly taplaýar. Şonda ol ynam ýylsaýyn mäkämleşip, ynsany üstünlikden-üstünlige ýetirýär. Garaşsyz Diýarymyzda nesillerimiziň ylym-bilimden ýeterlik paý almaklary, dünýä çykmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Döwrüň ösüşine kybap ylym-bilim ojaklarynyň sany-da ýylsaýyn artýar. Häzirki zaman ylmynyň we innowasion tehnologiýalaryň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribeleri ulgamlara ornaşdyrmak döwrüň möhüm talabyna öwrüldi. Şeýlelikde, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okuw maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijidäki maglumatlar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek) bilen üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ähli ylymlaryň gözbaşyny başlangyç bilimlerden alýandygy nazarda tutulyp, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, umumy bilim edaralary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Ylym-bilim halkyň geljeginiň ösüşlere beslenmegini kepillendirýän güýçdür.

Ýaş nesillerimiziň şol güýjüň eýesi bolmagy ýurdumyzyň geljeginiň kuwwatlylygynyň kepilidir. Hut şonuň üçin-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ösüş-özgerişlikleriň depgininiň artjagyna ählimiz ynanýarys. Bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işlere ähli ildeşlerimiz tüýs ýürekden buýsanýar. Munuň özi ýaşlarymyzyň has-da kämil hünärmenler bolup ýetişmegine ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aňladýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Akmyradowa Aýgözel

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar