Bilim adamzat jemgyýetine berlen peşgeşdir

0
432

Dünýädäki ähli janly-jandarlara belli bir aýratynlygyň berlişi ýaly, ynsana hem akyl berlipdir. Ol şol akyly bilen dünýädäki ähli janly-jandarlardan güýçlüdir. Akylyň dowamy sowat, bilim we ylymdyr. Bilimli, ylymly bolmak köp okamakdan nyşan. Adam kitap okanda onuň bilimi, dünýägaraýşy, gözýetimi, aň-düşünjesi artýar. Ol şol esasda hem durmuşda ajaýyplyklary döretmäge başlaýar.Taryha ser salsak, ata-babalarymyzdan bize miras galan çeşmelerde hem ylym-bilim babatda, dünýä akyl ýetirmek, onuň manysyna düşünmek dogrusynda örän köp ýazgylar, aýtgylar galypdyr. Gündogaryň beýik akyldarlary, şahyrlary öz eserlerinde adamyň bilim almagynyň, ony durmuşda peýdalanmagynyň örän möhümdigini belläpdirler.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen “Paýhas çeşmesi ” kitapda bilim barada şeýle jümleler bar:

Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat.
Bilimli — ölmez, bilimsiz — gülmez.
Bilimli — uçar, bilimsiz — gaçar.
Bilmeseň bir aýyp, bilip amal etmeseň, iki aýyp.
Bilmeýän zadyňy kitapdan sora.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Akmurzaýewa Bägül

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar