Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymgulynyň nesihatlaryndan

0
391

 Magtymgulynyň huzuryna baryp, onuň sözlerini janyna siňdirip, söhbediniň bir tarapy bolup bilýän adamy hemsöhbet atlandyryp bolar. Hemsöhbediň gulagynda hemişe şahyryň sözleri hem manynyň täsiri soňlugy bilen içki gözüň açylmagyna getirer. Gadymy aryflar ynsany dogabitdi ker-kör hasaplapdyrlar. Magtymgulynyň nesihatlarynda kerlik hem körlük gürrüňiniň köpdügi şonuň üçindir . Gözüniň açylmagy adama ruhy gurşaw içindäki ginişlik—wagt ölçeglerini ölçemäge, öz yaşayyş çägini kesgitlemäge mümkinçilik berer. Şygry özleşdirmek birbada hem okamak, hem dinlemekdir: Özüň okap, özüňem diňlemekdir. Öz-özüňe okap bermekdir. Öz-özüň bilen alaka bolmak, öz-özüň bilen gatnaşyk bir şahsyyetiň ikölçeglilik terzine geçip, kämillik yoluna düşendigini alamatlandyrýar.Bir adam hemişe ýarty adamdyr ya-da, köneler aytmyşlaýyn, ker adamdyr. Öz sözüni özi eşidip bilmeyän adam kerdir. Özüň bile sözleşmek gahyr bile söhbetden başlanýar hem-de ýaşaýşyn özi bilen söhbet arkaly dowam edýär. Gulagyň, gözüň hem ýüregiň arabaglanyşygy we bir bitewüligi şeýle sözlerden görünýär:

Hemdert olup , içgin-içgin sormaýan ,
Näbilsin bir görüp gitse daşymdan .
Kämil bolup , jan gulagyn germeýen ,
Aňa bilmez öten işi başymdan .

Magtymguly tebsiri harp bile ses, ses bile many, many bile simwol arasyndaky baky guş syýahatydyr. Bu tejribä eýerip, bizem harpy manysy bile, manyny owazy bile, şygry-da labzy bilen öwrenmelidiris.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Berdiýewa Merjen

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar