Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTY

0
15897
Soňky täzelenme:

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektroenergetiki ulgamlar we torlar; ýylylyk elektrik stansiýalary; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; elektroenergetiki ulgamlaryň rele goragy we awtomatikasy; elektrik üpjünçiligi; gazturbina desgalary we dwigatelleri; adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünär: ýylylyk elektrik stansiýalarynda suwuň we ýangyjyň tehnologiýasy).
2. Maşyngurluşyk (hünärler: metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary; elektrik we elektromehaniki enjamlaryň tehniki ulanylyşy, hyzmat edilişi we abatlanylyşy).
3. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy).
4. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarymgeçirijili enjamlar).
5. Maglumat howpsuzlygy (hünär: awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýyn üpjünçiligi).
6. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Mary şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 25-i, 27-si we 29-y günleri
  • Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 26-sy, 28-i we 30-y günleri
  • Lebap welaýaty — iýul aýynyň 31-i-awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i günleri
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 4-i we 6-sy günleri
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 10-y we 12-si günleri
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 11-i we 13-i günleri

Giriş synaglary hünärmenleri taýýarlamagyň ähli ugurlary boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;
— harby gullugy tamamlap gelenler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň salgysy: Mary ş., Baýram han köçesi, 62; tel.: 5-75-02, 5-75-03.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler