Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýran türkmen bazaryna nebit däl önümleriň eksportyny artdyrdy

16:4621.07.2025
0
18575
Eýran türkmen bazaryna nebit däl önümleriň eksportyny artdyrdy
Surat: Casp-geo.ru

Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň 3 aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistana eksport eden nebit däl harytlarynyň umumy bahasy 13,2 göterim, umumy agramy 5,22 göterim artdy. Bu barada Eýranyň Gümrük administrasiýasyna salgylanyp, «Trend» habar berdi.

Hasabat döwründe Eýran türkmen bazaryna 364 müň tonnadan gowrak nebit däl önümleri eksport etdi. Eksportyň umumy bahasy 125 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründe 346 müň tonna we 110 million amerikan dollaryna barabar bolupdy.

Şol bir wagtyň özünde 3 aýda türkmen-eýran söwda dolanyşygy 127 million amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň