Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wýetnamda jahankeşdelik kateri agyp, 41 adam gurban boldy

13:0121.07.2025
0
27115
Wýetnamda jahankeşdelik kateri agyp, 41 adam gurban boldy
Surat: Point.md

Wýetnamda kater heläkçiliginde 41 adamy halas etmek başartmady diýip, «VietNamNews» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Pida bolanlaryň 37-siniň şahsyýetleri anyklandy, ýene dördüsi öwrenilýär. Wakanyň bolan ýerinde gözleg işleri dowam edýär.

Heläkçilik Ti Top adasynyň golaýyndaky Kuang Nin ülkesinde boldy. Ekipažyň bäş agzasyndan hem-de 47 ýolagçydan ybarat bolan kater heläkçiliginde diňe 10 adamy halas etmek başartdy.

Heläkçilikde gurban bolanlaryň maşgalalary 955 dollar, ýaralananlar 340 dollar möçberde öweztölegini alar.

Gaýyk agdarylandan soňra Hökümet ülkede gämiçiligi üpjün etmek boýunça barlagy we degişli çäreleri geçirmek barada karar kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň