Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

11:1421.07.2025
0
22469
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi
Surat: Türkmenmetbugat

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragy ugrundaky bäsleşigiň çäginde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat merkezindäki medeniýet öýüniň giň dabaralar meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan bäsleşige höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Emin agzalary höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň sahna we ýerine ýetirijilik ussatlygyna, zehinine mynasyp baha berdiler. Şeýlelikde, «Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyrynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň ýaşaýjysy, harby gullukçy Alparslan Ýusubow, Tejen etrabynyň Göniamaşa obasynyň ýaşaýjysy, çeper höwesjeň Jumamyrat Sapargylyjow ýeňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňijilere welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy. Telebäsleşik Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň guramagynda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň