Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna talyplyga dalaşgärler resminamalaryny TDBGI-de tabşyryp bilerler

17:2320.07.2025
0
26741

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki günlerde Türkmenistanyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça dalaşgärleriň resminamalaryny tabşyrmak möwsümi dowam edýär. Resminamalar her ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde, şol sanda welaýatlarda ýerleşýän institutlar Aşgabatda hem resminamalary kabul edýär.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna Aşgabat we Arkadag şäherlerinden dalaşgärler resmi iş kagyzlaryny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda tabşyryp bilerler. Resminamalar 2025-nji ýylyň 14 – 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň