Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Döwletli Çynar» işewürlik üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

12:1619.07.2025
0
24705

«Döwletli Çynar» kompaniýasy müşderilerine ulag logistikasynyň ähli ugurlarynda toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär. Kompaniýa deňiz, awtomobil, demir ýol, howa we multimodal daşamalar ýaly dürli görnüşli daşama hyzmatlaryny hödürleýär.

«Döwletli Çynar» özüni diňe bir ulag kompaniýasy hökmünde däl-de, eýsem, doly derejeli logistika hyzmatyny üpjün ediji hökmünde görkezýär. Hödürlenilýän hyzmatlaryň hatarynda harytlary birleşdirmek we paýlamak, ammar hyzmatlary, gümrük taýdan resmileşdirmek, ýük ätiýaçlandyryşy we logistika meseleleri boýunça hünärmenleriň maslahatlary bar.

Kompaniýa daşamalaryň ýöriteleşdirilen görnüşlerine aýratyn üns berýär. «Döwletli Çynar» işewürlik hatlarynyň we resminamalaryň eltilip berilmegini, sergi enjamlarynyň daşalmagyny üpjün edýär, şeýle hem diplomatik we resmi ýükleri daşamak bilen meşgullanýar. Müşderiler üçin professional gaplama hyzmatlary, şol sanda döwlüp biljek we gymmat bahaly harytlar üçin ýörite gaplama hyzmaty elýeterlidir.

«Döwletli Çynaryň» alyp barýan işleriniň geografiýasy diňe bir Türkmenistanyň çäklerini däl, eýsem, Ýewropa, GDA ýurtlaryny we dünýäniň beýleki sebitlerini öz içine alýar. Kompaniýa bütin dünýäde ygtybarly ýük daşamagy üpjün etmäge mümkinçilik berýän giň hyzmatdaşlar we agentler ulgamyna eýedir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Mary ş., Bagtyýarlyk köç. 52А (ozalky Atabaýew), «Ojar Aziýa» binasy, 1-nji gat;
  • telefonlar: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň