Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýa kofeniň eksportundan rekord girdeji aldy

15:1218.07.2025
0
18857
Braziliýa kofeniň eksportundan rekord girdeji aldy
Surat: Point.md

Braziliýa kofe eksportundan girdeji almakda rekord görkezijilere ýetdi: girdeji 14,728 milliard dollara deň boldy we bu geçen möwsümiň görkezijilerinden 49,5 göterim köpdür. Bu barada ýurduň kofeni eksport edijileriniň geňeşiniň ýyllyk hasabatyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.

Braziliýa dünýäde iň iri kofe ýetişdirýän we eksport edýän ýurtdur. Emma ady agzalan geňeşiň prezidenti Marsiu Ferreýra rekord derejedäki girdejiniň önümçiligiň hasabyna däl-de, hemmeleriň halaýan içgisine howanyň üýtgemegi sebäpli dünýä bahalarynyň ösüşi netijesinde gazanylandygyny aýdýar.

Howanyň üýtgemegi netijesinde Braziliýa, Wýetnam, Kolumbiýa we Indoneziýa ýaly ýurtlarda kofe meýdanlary ejir çekdiler. Şunuň üçin dünýäde kofeniň bahasy görnetin gymmatlady diýip, ol gürrüň berýär.

Brazil kofesi 115 ýurda satyldy. Ony has köp satyn alan ýurt ABŞ, ondan soňra Germaniýa, Italiýa, Belgiýa we Ýaponiýa ýerleşdi.

Braziliýanyň kofe eksport edijileriniň geňeşi kofe nyrhlarynyň dünýäde gymmatlamagynyň dowam etjekdigini belleýär, muňa aýratyn hem ABŞ-nyň edarasynyň gümrük paçlary syýasaty we dowam edýän howa üýtgemeleri sebäp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň