Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary okuw mekdeplerinde 2025-2026-njy okuw ýylyndan birnäçe täze hünärlerdir taýýarlyk ugurlary açylýar

13:4916.07.2025
0
42784
Ýokary okuw mekdeplerinde 2025-2026-njy okuw ýylyndan birnäçe täze hünärlerdir taýýarlyk ugurlary açylýar
Surat: Atavatan Türkmenistan

Täze okuw ýylyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen maksatnamasy boýunça 4 hünär, bakalawr maksatnamasy boýunça 5, magistr maksatnamasy boýunça 4 taýýarlyk ugry açylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hünärmen bilim maksatnamasy boýunça «Demir ýol ulaglarynda ýükleri daşamagy guramak», «Demir ýol ulagynyň gatnawyny awtomatlaşdyrmak we habardar etmek» hünärleri açylýar.

Şeýle hem hünärmen maksatnamasy boýunça Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Emeli aň ulgamlary we maglumatlary seljermek», Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Maglumaty dolandyryş ulgamlary» hünärleri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda magistr maksatnamasy boýunça «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary» taýýarlyk ugry döredilýär.

Türkmen döwlet maliýe institutynda magistr maksatnamasy boýunça «Bank işi we maliýe», «Salgyt menejmenti», «Buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit» taýýarlyk ugurlaryna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça «Ykdysadyýet we maglumatlaryň analizi», «Halkara maliýe», «Ykdysadyýet we statistika», «Maliýe we karz» taýýarlyk ugurlaryna ýaşlar okuwa kabul ediler.

«Ýaşyl» energetika we howanyň üýtgemegi bilen bagly maksatnamalary goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça täze «Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we energetiki menejment» taýýarlyk ugry açylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň