Başgyrdystanyň Şulgan-Taş gowagyndaky diwar ýazgylary ÝUNESKO guramasynyň miras sanawyna girizildi diýip, guramanyň sosial sahypasynda habar berildi.
«Russiýa Federasiýasyndaky Şulgan-Taş gowagyndaky diwar ýazgylary guramanyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi» diýlip, habarda bellenýär. Çözgüdiň bütindünýä miras geňeşiniň Parižde geçen 47-nji ýygnagynda kabul edilendigi aýdylýar.
Şulgan-Taş gowagy Günorta Uraldaky iň iri köp gatly karst gowagydyr. Onda ilkidurmuş adamynyň mundan 15-19 müň ýyl öň diwara çeken suratlary tapyldy.
Bu barada «Rambler.ru» habar berdi.