Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Çelsi» klublaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň finalynda «Pari Sen-Žermeni» uly hasap bilen ýeňdi

09:5014.07.2025
0
15624

Angliýanyň «Çelsi» kluby klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň finalynda fransuzlaryň «Pari Sen-Žermen» klubyny 3:0 hasabynda ýeňip, täzelenen dünýä çempionatynyň ilkinji ýeňijisi boldy. Ýaryş ilkinji gezek 32 toparyň gatnaşmagy bilen täze görnüşde ABŞ-da geçirildi.

Nýu-Ýorkda geçirilen aýgytlaýjy duşuşykda Koul Palmer iki gol geçirdi (22-nji we 30-njy minutlarda), şeýle hem Žuan Pedro (43-nji minutda) tapawutlanmagy başardy. 84-nji minutda «Pari Sen-Žermeniň» oýunçysy Žuan Neweş meýdançadan çykaryldy.

«Çelsi» möwsümi Angliýanyň premýer-ligasynda dördünji ýeri eýeläp tamamlady, Angliýanyň kubogynyň we Liganyň kubogynyň dördünji tapgyryna çenli geçdi, şeýle hem Konferensiýa ligasynyň ýeňijisi boldy.

«PSŽ» öňki möwsümiň ähli ýaryşlarynda ýeňiji bolup, klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna çykdy. Parižiň topary Fransiýanyň çempiony, ýurduň kubogynyň we superkubogynyň eýesi boldy, şeýle hem taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

Ýaryşda gazanan ýeňişi üçin «Çelsi» 115 million dollardan gowrak pul baýragyna mynasyp boldy. Ýewropanyň toparlary sport we täjirçilik derejelerine esaslanýan reýtinge baglylykda ýaryşa gatnaşanlygy üçin 12,81 milliondan 38,19 million dollara çenli alýarlar. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasynyň 1 milliard dollara barabardygyny FIFA ozal habar beripdi.

«Çelsiniň» oýunçysy Koul Palmer ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. «Çelsiniň» derwezeçisi Robert Sançes dünýä çempionatynyň iň gowy derwezeçisi, «PSŽ» klubynyň ýarym goragçysy Dezire Due iň gowy ýaş oýunçy adyna eýe boldy. Ýaryşyň iň gowy bombardiri Madridiň «Real» klubynyň oýunçysy Gonsalo Garsiýa boldy, ol alty duşuşykda dört gol geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň