Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Reýimkuly Törekulyýewiç Ýagşiýewi Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Rahym Kakabaýewiç Saparow bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Döwlet Baştutany degişli Kararlara 11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.