Fransuz «PSŽ» kluby ABŞ-da geçirilýän futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Ispaniýanyň «Realyny» uly hasap bilen ýeňdi.
Oýun 4:0 hasabynda fransuzlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Fabian Ruiz garşydaşynyň derwezesinden iki gol salmagy başardy (6-njy we 24-nji minutlarda), Usman Dembele (9-njy minut) we Gonsalu Ramuş (87-nji minut) hem bir goldan geçirip, toparyň ýeňşine goşant goşdular.
Duşuşyk oýnuň geçirilýän şäheriniň ýollarynda emele gelen dyknyşyklar sebäpli on minut giç başlandy, şonuň üçin iki toparyň awtobuslary hem stadiona gijä galyp geldi.
Finalda «PSŽ» ýarym finalda Brazilýanyň «Fluminense» klubyny 2:0 hasaby bilen ýeňen iňlisleriň «Çelsi» klubyna garşy çykyş eder. Oýun Aşgabat wagty bilen 14-nji iýula geçilýän gije geçiriler.