Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplar Malaýziýada geçirilen bäsleşikde altyn medallara mynasyp boldular

17:1401.07.2025
0
25932

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlary 26 — 30-njy iýun aralygynda Malaýziýanyň Kuçing şäherinde geçirilen Borneo halkara innowasiýa we döredijilikli pikir bäsleşigine gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygynda bu halkara bäsleşige gatnaşan uniwersitetiň 3-nji ýyl talyplary Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we Tumar Orpaýewa üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşik jemgyýetçilik, daşky gurşawy goramak, fizika, matematika, inženerçilik, kompýuter ylymlary, öwrenmegiň we okatmagyň usullary, emeli aň, amaly ylymlar ýaly ugurlar boýunça ýaş oýlap tapyjylaryň we bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda geçirildi. Oňa Malaýziýa, Türkmenistan, Bangladeş, Hindistan, Filippinler, Tailand, Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri, Indoneziýa, Rumyniýa, Bosniýa we Gersegowina, El Salwador, Gazagystan we Wýetnam ýaly döwletlerden ýaş oýlap tapyjylaryň, innowatorlaryň 4510-sy gatnaşyp, olar ylmy-taslama işleriniň 1460-syny hödürlediler.

Şeýlelikde, S.Şamuhammedowyň hödürlän «Durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak: «ýaşyl» sement öndürmegiň ylmy esaslary» atly ylmy taslamasy daşky gurşawy goramak ylmy ugry boýunça altyn medala, ýaryşyň iň ýokary sylaglarynyň biri bolan «Platina» baýragyna, şeýle-de ylmy taslama işleriniň iň gowy 3-lügini alamatlandyrýan «Durnuklylyk baýragyna» mynasyp boldy.

Tumar Orpaýewanyň «Oba hojalyk galyndylaryndan kömürturşy gazyny tutujy sorbent almak» atly ylmy taslamasy hem daşky gurşawy goramak ylmy ugry boýunça altyn medala eýe boldy.

Talyplara ýolbaşçylyk eden Atamyrat Altyýew bolsa «Bilim ulgamyna goşan goşandy üçin» atly altyn medal bilen sylaglandy diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň