Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

4 aýda 110 müňe golaý türkmen Özbegistana syýahat etdi

16:3130.06.2025
0
14958
4 aýda 110 müňe golaý türkmen Özbegistana syýahat etdi
Surat: Stat.uz

Türkmenistan 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Özbegistana syýahat etmäge baran raýatlarynyň sany boýunça ilkinji onlukdan orun aldy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.

Hasabat döwründe 109,6 müň türkmenistanly goňşy ýurda syýahat edip, Türkmenistan bu ugurda altynjy orny eýeläpdir. Şu ýylyň 4 aýynda Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça öňdäki bäşlikde degişli yzygiderlilikde Gyrgyzystanyň (942,2 müň), Täjigistanyň (793,9 müň), Gazagystanyň (617,2 müň), Russiýanyň (240,1 müň) hem-de Owganystanyň (156,6 müň) ady bar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Özbegistana 3,1 million syýahatçy barypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 46,4 göterim köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň