Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

YHG-nyň 17-nji sammiti geçiriler

11:4730.06.2025
0
11997
YHG-nyň 17-nji sammiti geçiriler
Surat: Newscentralasia.net

3-4-nji iýulda Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) 17-nji sammiti geçiriler. YHG-nyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, sammite agza döwletleriň we hökümetleriň ýolbaşçylary, ministrler, YHG-nyň synçylary, YHG agzasy bolmadyk ýurtlardan ýörite myhmanlar hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Sammitde guramanyň çäklerinde ykdysady integrasiýa arkaly durnukly ösüşe ýetmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Sammitiň çäklerinde 2025-nji ýylyň 1 — 4-nji iýuly aralygynda Azerbaýjanyň birnäçe şäherinde giň gerimli «YHG hepdeligi» geçiriler.

Bu hepdelik ýaşlary, gender deňligini hem-de sebitdäki ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen mowzuklaýyn forumlar bilen utgaşdyrylar.

Ýeri gelende bellesek, YHG-nyň sebitinde 460 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Sebitiň meýdany 8 million inedördül kilometrden geçýär we ol demirgazygy günorta, günortany gündogar bilen, Aziýany Ýewropa hem-de Ýewraziýany arap dünýäsi bilen birleşdirýär. Häzirki wagtda Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan we Özbegistan YHG-nyň agzalary hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň