Türkmenistanyň wekilleri 19-20-nji iýun aralygynda onlaýn görnüşde geçirilen «Merkezi Aziýada Bitewi saglyk çemeleşmesi esasynda pandemiýalara taýýarlyk görmek we olara garşy çäre görmek» atly köpýurtly sebitleýin taslamanyň maslahatyna gatnaşdylar.
Bu taslama Pandemiýa gaznasynyň goldawy esasynda maliýeleşdirilýär. Taslamanyň agza ýurtlary: Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan.
Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň weterinariýa gulluklarynyň, jemgyýetçilik saglygyny we daşky gurşawy goramak bilen bagly wekilleri, şeýle hem Bütindünýä bankynyň, BSGG-niň, FAO-nyň, Bütindünýä Epizootiki Guramasynyň (WOAH/MEB), ÝUNEP-niň we RECCA-nyň wekilleri gatnaşdylar.
Iki günlük maslahatyň dowamynda taslamanyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler we ýerine ýetiriş ýagdaýlary baradaky her ýurda degişli çykyşlar diňlenildi.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň adyndan taslamanyň durmuşa geçirilişi, gazanylan netijeler we ýerine ýetirilen işler barada Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy gatnaşyklar bölüminiň başlygy, şol bir wagtda «Bitewi saglyk» taslamasynyň milli utgaşdyryjysy Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. Maslahatda şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet weterinariýa gullugynyň metbugat gullugy habar berýär.
Bu maslahat sebitleýin hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagynda we halklaryň durnuklylygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmekde esasy gurallaryň biri bolan «Bitewi saglyk» ýörelgeleriniň ilerledilmeginde möhüm tapgyr boldy.