Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan dolanyp geldiler

10:5325.06.2025
0
21086
Türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan dolanyp geldiler
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri hasaplanýan Mekge we Medine şäherlerine haj parzyny berjaý etmek üçin giden türkmenistanlylar ata Watanyna dolanyp geldiler. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl hem türkmenistanlylaryň uly topary yslam dünýäsiniň iki mukaddesligi saýylýan Mekge hem-de Medine şäherlerinde haj parzyny berjaý etdi. Keramatly ýerlerde asylly däbe öwrülen ýagşy dessurlary agzybirlikde ýerine ýetirdi. Olaryň yslam dünýäsiniň wekilleri bilen bilelikde berjaý eden dessurlary musulmançylykda parz işlere aýratyn ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi.

Şu ýyl Türkmenistandan Mekgä we Medinä zyýarata gidenleriň umumy sany 3 müňe golaýlaýar. Olar sekiz topara bölünip, kesgitlenen tertipnama boýunça Saud Arabystany Patyşalygynda zyýaratda boldular. Munuň özi halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, olaryň sogaply işleri berjaý etmekleri ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň güwäsidir diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň