«Pesto — Datly eller» restorany özünde amatly atmosferany, baý tagamlar menýusyny hem-de ýokary derejeli hyzmatlary birleşdirilen ýer hökmünde eýýäm öňden bäri Marynyň ýaşaýjylarynyň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. 80 adamlyk giň zal we her bir myhmana aýratynlykda çemeleşmek bu ýeri maşgala we dabara çärelerini — doglan günleri bellemekden başlap, sadaka bermek ýaly milli däp-dessur çärelerine çenli guramaçylykly geçirmek üçin iň halanýan ýerleriň birine öwürdi.
Restoran myhmanlaryň isleglerini göz öňünde tutup, türkmen, türk, italýan we rus aşhanasynyň naharlaryny hödürleýär. Menýuda — dürli ertirlik naharlary, gyzgyn tagamlar, steýkler, balyk, garnir naharlary, çorbalar, sowuk işdäaçarlar, meze, mangal tagamlary, pasta, konditer önümleri hem-de tiz taýýarlanylýan tagamlar bar. Bu ýeriň esasy üns çekýän tagamy bolsa — 21 görnüşli datly türk pahlawasydyr. Restoranyň şäheriň çägine naharlary eltip bermek hyzmaty hem bar.
Restoran «Altyn asyr» aýlaw ýolunyň ugrundaky «Şapak» ýaşaýyş toplumynda ýerleşýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 522 5-53-77, +993 522 5-53-88, +993 71 10-10-55, +993 63 39-99-39.
Elektron poçta salgysy: restoranpesto@gmail.com
Sosial media ulgamyndaky sahypasy.