Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Abraýly Watan» Belarusda okamak isleýän dalaşgärler üçin uzak aralykdan synaglary guraýar

11:4517.06.2025
0
20411

Belorus uniwersitetleriniň Türkmenistandaky resmi wekili «Abraýly Watan» HK Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti (GrDU) bilen bilelikde türkmen dalaşgärleri üçin onlaýn giriş synaglaryny guraýar.

Giriş synaglary 25-nji iýunda «Iş Nokady» koworking merkezinde («Arkaç» işewürlik merkezi, Aşgabat) onlaýn görnüşde geçiriler.

Munuň özi dalaşgärlere ýurtdan çykmazdan, giriş synaglaryny tabşyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Guramaçylar onlaýn synaglaryň giriş amallaryny ep-esli aňsatlaşdyrjakdygyny we dalaşgärleriň wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga kömek etjekdigini bellediler.

Birinji tapgyr üstünlikli tamamlanandan soň, köp meşhur ugurlar eýýäm doly bolýar, ýöne käbir fakultetlerde boş ýerler galýar.

Hyzmatdaş ýokary okuw mekepleriň sanawy:

  • Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti (BDLU)
  • Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIRU)
  • Belarusyň milli tehniki uniwersiteti (BMTU)
  • Witebsk döwlet lukmançylyk uniwersiteti (WDLU)
  • P.M. Maşerow adyndaky Witebsk döwlet uniwersiteti (WDU)
  • Gomel döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GomDLU)
  • Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti (GDU)
  • Grodno döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GrDLU)
  • Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti (GrDU)
  • Ýewfrosinýa Poloskaýa adyndaky Polosk döwlet uniwersiteti (PDU)

«Abraýly Watan» kompaniýasy Belarusda okamagy arzuw edýän dalaşgärler üçin hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär. Kompaniýa iň amatly uniwersiteti we hünäri saýlamakdan başlap, onlaýn girişi guramaga we synaglara taýýarlyk görmäge çenli her tapgyrda giňişleýin goldawy üpjün edýär. Şeýle hem geljekki talyplar howa menzilinde garşy alnylýar hem-de barmaly nokadyna getirmek, ýaşaýyş jaýyna ýerleşdirmek we täze şertlere uýgunlaşmak boýunça kömek berilýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefonlar:

  • (+993 65) 05 72 75
  • (+993 64) 05 72 75
  • (+993 63) 27 72 75
  • (+993 62) 94 48 22

Email: abraylywatan2024@gmail.com

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Galan ýerleriň çäklidigini göz öňünde tutup, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri dalaşgärlere resminamalary tabşyrmagy gijikdirmezligi maslahat berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň