Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow: Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa – döwlete gulluk edýär

17:0024.09.2024
0
14919

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurtda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler giň gerimi hem-de täzeçilligi bilen tapawutlanýandygyny nygtady. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň her bir raýaty ata Watana belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa — döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyň esasynda alyp barýan işleriň rowaçlanýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwletiň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraýy pugtalanýar, halkyň hal-ýagdaýy barha ýokarlanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň syýasy, ykdysady, medeni galkynyşlara, şöhratly wakalara baý ýyllaryň biri bolup taryha girjekdigine berk ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň