Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty: resminamalaryň we harytlaryň tiz eltilip berilmegi

14:3027.08.2024
0
9360

Türkmenistanyň raýatlarynyň köpüsi häzirki wagtda ýollamalary ibermegiň we kabul edip almagyň döwrebap hem amatly usulyny — «Türkmenpoçtanyň» hödürleýän «gapydan-gapa» çaparçylyk hyzmatyny saýlaýarlar.

Haýsydyr bir ýüki ýa-da resminamany ýollamaly bolanyňyzda, öňküler ýaly poçta bölümine gidip gelmek üçin wagt sarp etmegi ýadyňyzdan çykaryň. Indi çapar öýüňize ýa-da ofisiňize oňaýly wagty gelip, ýollama bukjaňyzy alar we mümkin boldugyça gysga wagtyň dowamynda hem degişli salga gowşurar.

Müşderiler näme sebäpden «Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmatyny saýlap alýarlar?

  • nobatda durmak we ýolda wagt ýitirmek zerurlygy ýok;
  • çaparlar ýörite taýýarlyk geçýärler we her bir ýollama jogapkärçilikli çemeleşýärler;
  • goşmaça hyzmatlaryň giň gerimi.

Siz çapary göni kompaniýanyň post.tm salgyly web saýtyndan, şeýle hem (+993 12) 92 14 95 telefon belgisi ýa-da «ÇaparPay» mobil goşundysy (Google Play we App Store internet dükanlarynda ýükläp almak üçin elýeterli) arkaly çagyryp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň